Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna üns çekilýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa etjek saparynyň öň ýanynda, ençeme hukuk goraýjy guramalar Fransiýanyň prezidentine ýüzlenip şu gün beýanat ýaýratdylar.

Bu beýanat “Adam hukuklary boýunça Fransiýa Ligasy” , “Human Right Watch”, Adam Hukuklary boýunça Halkara Federasiýasy” we “Serhetsiz Reportýorlar Guramasy” tarapyndan ýaýradyldy.

Beýanatda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozä ýüzlenilip, türkmen kärdeşi bilen geçirjek duşuşyklarynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna üns bermegi talap edilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-3-nji fewral aralygynda Fransiýada bolup, şol ýurduň ýolbaşçylary bilen pikir alyşar we dürli ylalaşyklara gol goýlar.
XS
SM
MD
LG