Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi kapitalizme täzeden garamaklyga çagyrdy


Düýn Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Dünýä ykdysady forumy açyldy. Bu foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýasy, biznes we sosial meseleler boýunça iş alyp barýan ýokary derejeli resmiler ýygnandylar.

Bäş gün dowam etjek bu Dünýä ykdysady forumyna 2 müň 500 töweregi delegat gatnaşýar. Forumyň delegatlary esasan dünýä ykdysadyýetiniň täzeden aýňalmak prosesine nädip ýardam bermelidigi barada pikir alşarlar.

Düýn bu Ykdysady forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi häzirki ýüze çykan global maliýe krizisiniň tutuş kapitalizm sistemasyna täzeden garamaklygy talap edýändigini belledi.

Hususan-da, ol kapitalizmde moral ölçegleriň kemterlik edýändigini nygtady hem-de bu sistemadaky maliýe peýdakeşligini, ýasama regulirleýiş usullaryny we hasabatlardaky ulanylýan galplyklary tankyt etdi. Prezident Sarkozi kapitalizm sistemasyndaky hut şu galplyklaryň hem geçen ýyl dünýä ykdysadyýetini uçudyň gyrasyna getirendigini aýtdy.

Nikolýa Sarkozi Dünýä ykdysady forumyna ýygnanan bankirlere, biznes ýolbaşçylaryna we syýasatçylara ýüzlenip, kapitalizmiň maliýe sistemasynda düýpli we çuňňur özgerişlikler amala aşyrylmasa, munuň örän uly jogapkärçiliksizlik boljakdygyny nygtady.

Fransiýanyň prezidenti öz çykyşynda “maliýe serişdeleri, erkin söwda we bäsleşik kapitalizmiň ahyrky maksatlary däl-de, diňe onuň mehanizmleri bolup durýar” diýip belledi.

Nikolýa Sarkoziniň pikirine görä, kapitalizmdäki erkin söwdanyň hemme gymmatlyklardan ýokary tutulmagy demokratik prinsipleriň hem gowşamagyna getiripdir.

Bankirleriniň köpüsi garşy çykýar

Mälim bolşy ýaly, soňky wagtlar Fransiýa, Beýik Britaniýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary maliýe senagatyny düzgünleşdirmek hem-de oňa talabalaýyk gözegçilik etmek üçin has berk çäreleri işe girizip başladylar. Ýöne bu çärelere dünýäniň tanymal bankirleriniň köpüsi garşy çykýarlar.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi hökümetleriň agzybirlik bilen ýola goýan düzgünleşdiriş çäreleri netijesinde dünýä maliýe krizisiniň uly problemalarynyň öňüniň alnandygyny belledi we bu krizisden aýňalyp başlanmagy bilen entek düzgünleşdiriji reformalaryň togtadylmaly däldigini aýtdy.

Emma, beýleki tarapdan, bizenes liderleri kem-kem artyp barýan täze düzgünleşdiriş çäreleriniň global ykdysadyýetiň krizislerden aýňalmagyna päsgelçilik berip biljekdigini öňe sürýärler.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Dawos Forumynyň öň ýany düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän «Priсewaterhouse Сoopers» maliýe guramasynyň geçiren barlaglary global biznesiň edil häzirki wagt belli bir ynama eýe bolandygyny we ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
XS
SM
MD
LG