Sepleriň elýeterliligi

Dünýä döwletleri owgan ýaraşygy üçin 140 million dollar berýär


Dünýä döwletleri owgan hökümetiniň aram talyban söweşijilerini zorlukdan el çekdirmek plany üçin birinji ýyl 140 million dollar bermegi wada berdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Deýwid Miliband bu habary Londanda Owganystanyň gelejegine bagyşlanyp geçirilen bir günlük halkara konferensiýasynyň soňunda yglan etdi.

Şeýle-de Miliband konferensiýanyň 2010-njy ýylyň ahyryndan başlap owgan welaýatlarynda howpsuzlyk borçlaryny ýerli häkimietleriň özüne tabşyrmak barada ylalaşyga gelnendigini habar berdi.

70 döwletiň we halkara guramasynyň wekilleri owgan prezidenti Hamit Karzaýyň planyna arka durjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG