Sepleriň elýeterliligi

Owgan tiresi Talybana garşy şertnama gol çekýär


Owgan taýpalarynyň biri pitneçilere pena berenleriň öýüni otlajagyny we 20 müň amerikan dollaryny tölemäge mejbur etjegini aýdyp, Talybany öz ýerlerinden daşda saklamak üçin şertnama gol çekdi.

Birleşen Ştatlaryň harby resmileri Şinwari tiresiniň bu kararyny gutlap, olaryň tire fonduna 1 million amerikan dollaryny, iş programmasyna bolsa 200 müň dollar berjegini aýtdy.

Nangrahar welaýatynyň 5 etrabynda agalyk edýän şinwarileriň sany 600 müň çemesi. Olar Talybana bilelikde garşy durmak üçin 170 aksakgalyň şertnama gol çekmeginde ylalaşyk baglaşdylar.
XS
SM
MD
LG