Sepleriň elýeterliligi

Aklawçy Srebrenika gyrgynyna BMG jogapkär diýýär


Srebrenika gyrgynçylygynda öldürilenleriň garyndaşlaryna wekilçilik edýän aklawçy Holland sudunda BMG 1992-95-nji ýyllaryň Bosniýa urşunda köpçülikleýin jeza berlip öldürilen adamlar üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaly diýdi.

2008-nji ýylyň iýulynda çykarylan karar BMG-niň hiç bir suduň öňüne çagyrylyp bilmejegini aýdyp, pidalaryň maşgalalarynyň 2007-nji ýylda bu gyrgynçylygyň öňüni alyp bilmänligi üçin Holland hökümetiniň we BMG-niň üstünden eden şikaýatyny yza gaýtarypdy.

Pidalaryň 6 müň garyndaşyna wekilçilik edýän Marko Gerritsen Haga sudundaky diňlenişikde olaryň 15 ýyllap hakykaty gözländigini aýtdy we BMG-ni özüni sudda goramaga taýýar bolmandygy üçin tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG