Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Ýokary sudy takyrkelle liderlerine berlen ýyly azaldýar


Orsýetiň Ýokary sudy sentýabr aýynda slawýan däl halklaryň wekillerine edilen etniki hüjümler, şol sanda bir adamyň öldürilenligi üçin ýyl kesilen takyrkelle liderlerine berlen türme möhletini azaldýar.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy suduň sişenbe güni takyrkelle lideri Ilýa Şutkonyň bir, Ýewgeniýa Žiharewanyň hem bir ýylyny kemeldip, olaryň türme möhletini azaldandygyny habar berdi.

10 adamdan ybarat takyrkelleler toparynyň ähli agzasy başda 3 ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

2008-nji ýylyň fewralynda şu takyrkelle toparynyň bäş agzasy gyrgyz raýaty Altynbek Aşyrowy urup, pyçaklap öldüripdi.

Şeýle-de olar Moskwada gyrgyz, özbek, hytaý raýatlarynyň üçüsini öldürmek synanyşygynda aýyplanypdylar.
XS
SM
MD
LG