Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýkal kagyz zawodynyň gaýtadan açylmagyna protest bildirilýär


Orsýetli tebigaty goraýjylar premýer ministr Wladimir Putiniň Baýkal kölüniň boýundaky Kagyz zawodyny gaýtadan açmaga rugsat bermek barada kabul eden kararyny ýazgaryp çykyş etdiler.

Orsýetiň Ýaşyllar toparynyň agzasy Ýewgeniý Usow bu kararyň Baýkaldaky janly-jandarlaryň her biri üçin töwekgellikdigini aýtdy.

Putin 15 aý mundan öň howany zaýalaýanlygy üçin ýapylan zawody gaýtadan önümçilige girizmek baradaky karara gol çekdi.

Şularalykda polisiýa Irkutsk şäherinde tebigaty goramak bilen meşgul bolýan döwlete degişli däl guramanyň kompýuterlerini konfiskasiýa etdi. Olar golaýda kagyz zawodynyň gaýtadan açylmagyna protest bildiripdiler.

Baýkal dünýäniň arassa suwly iň uly köli bolup, onda başga erlerde seýrek tapylýan 1500 çemesi janly-jandar ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG