Sepleriň elýeterliligi

Rus şäheri Leniniň heýkelini satýar


Orsýetiň Woronež şäheri bejertmäge puly bolmansoň Leniniň bürünçden ýasalan heýkelini satýar.

Orsýetiň «Komsomolskaýa Prawda» gazeti bu heýkele esewan etmäge şäher eýeçiligindäki kompaniýanyň jogapkärdigini, emma onuň batyp, heýkeli bejermäge gurby çatjak täze eýe gözlemäge mejbur bolandygyny ýazýar.

Sowet dowletini esaslandyryjynyň Woronežiň esasy meýdanynda 60 ýyl duran 14 tonnalyk heýkelini bejermek üçin 1.5 million rubl ýa-da 49 müň 420 dollar gerek.
XS
SM
MD
LG