Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeniýet we sungat şäheri - Pariž


120 ýaşly Eýfel
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00


Geljek hepdäniň başynda prezident Berdimuhamedow Fransiýanyň paýtagty Pariže resmi sapara başlar. Ol bu saparynda Fransiýanyň prezidenti Sarkozy we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşar.

Prezidentler iki döwletiň ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklaryny ösdürmek barada gepleşikler geçirer diýlip garaşylýar.

Dünyäde iň owadan şäherleriň biri Pariž sungat we medeni merkezi hökmünde giňden tanalýar. Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere köp ýyl bäri Parižde ýaşaýan, asly türkmenistanly žurnalist Ogulbibi Annaniýzowa bilen bu şäher barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, näme üçin Eýfel diňi Parižiň ýa-da Fransiýanyň ýüzi hasaplanylýar?

Ogulbibi Amannyýazowa
Ogulbibi Amannyýazowa:
Eýfel diňi 120 ýyl mundan öň guruldy. Geçen ýyl onuň 120 ýyllygy bellenildi. Ol XIX asyryň ahyrlarynda Parižde halkara serginiň geçirilmegi bilen baglanyşykly gurlupdy. Ony meşhur inžener Gustaf Eýfel gurdy. Hut şonuň üçin-de, bu diň Eýfeliň ady dakyldy. Bu diň ýörite metaldan we ony sökmek edil gara öýi söken ýaly aňsat.

Gustaf Eýfel demirçi konstruktor hökmünde hem meşhur. Bu öz wagtynda örän moda boldy we Eýfel demirden birnäçe köpri gurdy. Onuň adyny göterýän şirketi döredildi we ol häzirem işleýär.

Emma Eýfel diňi gurlansoň, ol Parižiň we Fransiýanyň jemgyýetçiligini alada goýdy. Çünki ol hemmeler üçin gorkunç ýa-da owadan däl ýaly bolup göründi. Ylaýtada ol demirden edilendigi üçin Parižiň keşbine zeper ýetirýär. Sebäbi Pariž köne şäher we onda örän owadan jaýlar köp.

Garaz, diň Parižiň arhitekturasynyň sazlaşygyny bozýar diýen pikirler bolupdyr. Bu diňiň dikilmegi adamlarda nägilelik döredipdi. Şonuň üçin-de, ol uzak durmaz diýen karara gelnipdir. Emma yörite merdiwan bilen onuň çür depesine çykyp we bütin Pariže syn edip bolýar. Ýöne Eýfel diňi dikilen döwri radio döreýär we oňa antennalar goýlupdyr. Şeýdibem şäher radio gepleşiklerini diňläp bilipdir. Hut şu hem diňiň aýrylmazlygyna sebäp bolupdyr. Şeýdibem adamlar bu diňe öwrenişipdirler.

Eýfel başnýasy Parižiň ýüzi diýip, parižliler däl-de, şähere gelen turistler hasaplapdyrlar. Pariži adaty bolmadyk diňi bilen şol turistleriň ýadynda galypdyr. Şeýdibem Eýfel diňi Parižiň sinonimi boldy.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, Pariždäki meşhur Luwr muzeýi hem Parižiň bir simwoly diýsek ýalňyşmasak gerek. Eýse, bu muzeýdäki haýsy eksponatlar Merkezi Aziýadan barýanlar üçin has gyzykly diýip, pikir edýärsiňiz?

Luwr muzeýi
Ogulbibi Amannyýazowa:
Luwr ululygy boýunça dünýäde iň uly muzeý. Hasaplamalara görä, eger muzeýdäki her bir eksponatyň ýanynda birnäçe sekunt dursaň, onda Luwrdaky ähli eksponaty görmek üçin üç aý gerek bolar. Hut şonuň üçin-de, turistler muzeýe baranlarynda, nämä seretjekdigini öňünden kesgitlemeli bolýarlar.

Elbetde, Pariže gelenler ilki bilen Jokonda kartinasyny görmek üçin Luwra barýarlar. Ol belli Italýan hudožhnigi Leonardo da Winçiniň meşhur kartinasy. Da Winçi Fransiýanyň patyşasy üçin işläpdir. Hut şonuň üçin-de, bu kartina Parižde galypdyr. Elbetde, muny Italýanlar kän bir halamaýarlar. Ýöne, Luwr dünyä sungatynyň hazynasy bolup, ondaky eksponatlar tä 1861-nji ýyla çenli döwri öz içine alýar. Olaryň galan bölegini başga muzeýe ýollamak karar edilipdir.

Häzir Luwrda örän gyzykly Aziýa bölümi açyldy. Owal bu ýerde örän kiçi, yslam syngaty barada bölüm bardy. Häzir bolsa, ýalňyşmasam, Arabystanly howandarlaryň kömegi bilen uly bölüm açyldy. Şol eksponatlaryň arasynda Eýranda geçirilen arheologiki gazyp agtaryşlarda tapylan zatlar, taryhy materiallar we başga-da owadan zatlar bolar.

Gündogar sungaty baradaky bu bölümde Türkiýeden tapylan gadymy skulptura işleri, keramiki zatlar, gadymy uly derwezäniň bir bölegi, Wizantiýa, Müsür, Grek, Afrika sungatyna degişli ajaýyp eksponatlar bar.

Azatlyk Radiosy: Belki, geljekde Merkezi Aziýa şol sanda, Türkmenistana degişli eksponatlar hem bolar?

Ogulbibi Amannyýazowa: Luwr Türkmenistanly arheologlar bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýerde käte konferensiýa hem geçirilýär. Hatda Sarianidi hem çykyş edip, Marguş barada gürrüň berdi. Muzeýde Gündogara degişli eksponatlar örän köp. Olar Türkmenistanyň goňşularynda geçirilen gazyp agtaryş işleri wagtynda tapylypdyr. Bular Owganystandan, Eýrandan tapylypdyr we olar Türkmenistanyň taryhy muzeýindäki eksponatlara örän meňzeş. Olar Marguş, Baktriýa we Sogdiana eýýamyna degişli. Olaryň arasynda zenan Hudaýynyň şekili hem bar. Bular Luwrda hem bar. Emma olar Eýrandan we Owganystandan getirilipdir.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, Pariž barada gürrüň edilende, modany we meşhur atyrlary ýatlamazlyk mümkin däl. Olar barasynda diňleýijilerimize näme gürrüň bermek islýärsiňiz?

Ogulbibi Amannyýazowa: Bular dogrusynda zenanlar bilýän bolsa gerek. Elbetde, Pariž köp asyrdan bäri moda merkezi. Pariže dünýäniň ähli künjeginden meşhur modaçylar okamaga, öz işlerini görkezmäge gelýärler. Her ýylda iki gezek Uly modanyň we ýylda iki gezek gündelik geýilýän eşikleriň görkezilişi bolýar.

Elbetde, Uly modanyň görkezilişinde tüçjar baýlar üçin egin-eşikler görkezilýär. Emma Parižiň örän owadan şäherdigi üçin onuň diňe moda dükanlary bolan köçesine gezelenç edeniňde hem göwnüň göterilýär. Fransuz atyrlary hem dünýä meşhur we ýurtda yörite fabrikler bar. Fransiýanyň günortasyndaky Grass şäheriniň golaýynda gül ösdürilip ýetişdirilýän ýörite meýdanlar bar. Adamlar şol gülleri ýygnaýarlar we olardan atyrlara goşulýan konsentrat alynýar. Hut şolardan hem meşhur fransuz atyrlary taýýarlanylýar we olar çüýşejiklere salnyp, dünýä ýaýradylýar.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
XS
SM
MD
LG