Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-3-nji fewral aralygynda Fransiýada bolup, şol ýurduň ýolbaşçylary bilen pikir alşar we bu duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dürli ylalaşyklara gol goýlar.

Syýasy abraýa hem-de uly ykdysady potensiýala eýe bolandygy üçin Fransiýa Merkezi Aziýada, Ýewropada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda uly hormat bilen garalýar.

Turkmenistanyň prezidentiniň 1-nji fewraldan Fransiýa başlanjak iş saparynyň-da indi demokratik ösüş ýoluna düşen Turkmenistan üçin wajyp bolup durýandygy aýdylýar.

Türkmen prezidentiniň Fransiýa iş sapary, onuň maksatlary barada metbugatda habar berilmeýändigi üçin analitikler prezidentiň Fransiýa iş sapary we iki prezidentiň duşuşygynda garaljak meseleler barada dürli pikirleri öne sürýarler.

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili Elza Widalyň sözlerine görä, prezidentleriň duşuşgynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklar ýaly meseleler geňeşiler.

“Biz, adam hukuklary boýunça birnäçe guramalar, şeýle-de Adam haklary boýunça halkara federasiýasy Fransiýanyn prezidenti Nikolas Sarkozydan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň başyna geleli bäri Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýynda nähili özgerişlikleriň bolandygy barasynda soramagyny haýyş etdik“ diýdi.

Elza Widalyň sözlerine görä, olar Parižde metbugat konferensiýasyny geçiripdirler. Metbugat konferensiýasyny geçirmekden maksat kopçülikleýin habar serişdeleriniň ünsüni Türkmenistandaky graždan jemgyýetleri hem-de ynsan hukuklary problemalaryna çekmekden ybarat bolupdyr.

Elza Widal Turkmenistanda garaşsyz žurnalistlere işlemage rugsat berilmeýändigini, olaryň örän agyr şertlerde işleýändigini, umyt bilen açylan internet kafelerde hem çäklendirmeler bardygyny, zerur saýtlaryň açylmaýandygyny aýdýar. “Internetiň bahasy-da hemmeler üçin elýeterli dal”.

Adam hukuklarymy ýa-da gaz?

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Habarlar Merkeziniň Türkmenistan boýunça eksperti Brýus Paniýeriň pikirine görä, Fransiýa uçin tebigy energoresurslara baý döwlet bilen gowy gatnaşyklary ýola goýmak möhümdir. “Şonuň üçin hem Sarkozi nebit we gaz meselesi barada gürrüň eder”.

Onuň pikiriçe, jemgyýetçilik türkmen prezidentine ýurtdaky adam hukuklary meselesi barada beriljek sowala garaşýar. ”Elbetde, bu mesele hem gün tertibinde bolar, emma Sarkozi üçin Turkmenistanyň tebigy resurslary hem-de Fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda üstünlikli
Hakyky isleg bolsa Türkmenistanda demokratik özgerişlikleriň bolmagyna garaşmak mümkin.
işlemegi has möhümiräkdir”.

Özbegistanly analitik Iskender Hudaýbergenow türkmen jemgyýetini liberallaşdyrmak üçin Fransiýanyň iş tejribesiniň peýdaly sapak boljakdygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä bu ýerde ýurduň prezidenti Berdimuhamedowyň näme maksat bilen Fransiýa barýandygy möhümdir.

“Fransiýadan Türkmenistana, birinjiden, demokratiýany getirmek mümkin. Ikinjiden, gonşulary bilen gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri, üçünjisi, ykdysadyýeti hakyky bazar ýoluna salmak usullaryny öwrenmekdir” diýip Hudaýbergenow belleýär.

Onuň sözlerine görä, beýle duşuşyklaryň türkmen halkyna bähbitli bolmagy üçin döwlet baştutanynda we türkmen hökümetinde hakyky isleg bolmaly. "Hakyky isleg bolsa Türkmenistanda demokratik özgerişlikleriň bolmagyna garaşmak mümkin. Şeýle-de ýurtda söz azatlygy bolmaly, syýasy partiýalara, şol sanda oppozision partiýalaryň işine-de ýol açmaly. Eger-de şu ikisine ýol berilse, ýurduň ykdysadyýeti özünden özi gülläp öser".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG