Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Türkmenistana näme berip biler?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa sapara barýar. Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň perspektiwalary barada Halkara gatnaşyklary boýunça fransiýaly professor, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Quentin Delcour bilen Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Delcour, Türkmenistanyň prezidentiniň Fransiýa saparyndan nähili netijelere garaşyp bolar?

Quentin Delcour: Biz türkmen prezidentiniň Fransiýa saparyna köpden bäri garaşýarys. Sebäbi öňki fransuz prezidenti Fransua Mitterranyň Türkmenistana sapar etmeginden bäri örän köp wagt geçdi. Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar entek ösdürilmeli.

Ýakynda prezident Sarkozynyň Gazagystana möhüm sapary bolupdy. Bu sapar Gazagystan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine getirdi. Biz Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem ösdürilmegine garaşýardyk we türkmen prezidentini kabul edýändigimize örän şat.

Biz Ýewropa Bileleşiginde öňde barýan ýurtlaryň biri we biz diplomatik gatnaşyklary ähli ugurdan ösdürmek isleýäris. Şeýle hem biz ykdysady gatnaşyklary giňeltmek isleýäris. Fransuz tehnologiýasy Türkmenistan üçin dürli ugurlar boýunça örän peýdaly bolup biler.

Elbetde, türkmen prezidentiniň Fransiýa saparynyň dowamynda adam hukuklary meselesi gozgalar. Türkmenistanda häkimiýet çalyşanyndan soň käbir öňegidişlikleriň bolandygyny bilýäris. Emma Günbatar Ýewropadaky tejribelerimiz bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça edilmeli işi gaty kän we biz bu prossesi goldamak isleyäris.

Türkmenistan Günbatar Ýewropadaky adam hukuklary tejribelerini özüne ornaşdyryp biler. Bu ýurt Ýewropa ýakyn, emma sowet sistemasyndan galan totalitar düzgünleriň entek hem hereket edýändigini görýäris. Şol sebäpli biz tapgyrlaýyn öňegidişlikleri görmek isleýäris we türkmen hökümetiniň öz raýatlaryna has höp şahsy azatlyk bermeklerini isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda syýasy we ykdysady ugurlar boýunça nähili bähbitleri görýärsiňiz?


Quentin Delcour: Fransiýa öňki prezident Nyýazowyn bitaraplyk ideýasyny goldaýardy. Bu ideýa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän gowy elementi boldy. Emma biz dürli ugurlar boýunça, şol sanda nebit we gaz ugry boýunça ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hem ösdürmek isleýäris.

Biz infrastruktura ugry boýunça hem Türkmenistanda iş alyp barmak isleýäris. Täze tehnologiýa boýunça Türkmenistana hödürläp biljek köp zadymyz bar. Gatnaşyklar indi ýola goýlup başlandy, emma biz munuň has hem ösdürilip bilinjekdigine ynanýarys.

Türkmenistan ýangyç ugry boýunça daşary ýurt maýa goýumlary üçin öz gapylaryny açmaly. Türkmenistanyň ähli strategiki hyzmatdaşlarynyň bu ugurda paý alyp biljekdiklerine ynanýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Fransiýanyň “Buig” gurluşyk kompaniýasy bilen işleşmäge ýakyndan gyzyklanma bildirip gelýär. Ýakynda Fransiýanyň “Vinci” kompaniýasy hem gurluşyk we beýleki ugurlar boýunça türkmen bazaryna girer diýlip garaşylýar. Siziň pikiriňizçe, fransuz kompaniyalarynda Türkmenisyany näme özüne çekýär?


Quentin Delcour: “Buig” gurluşyk kompaniýasynyň bir bölegi bolan “Buig-Türkmen” kompaniýasynyň taryhy barada aýdanymyzda, soňky 15 ýyl bäri bu kompaniýa Türkmenistandaky täze gurluşyklara gatnaşyp gelýär. Türkmenistandaky möhüm gurluşyklar, mysal üçin Prezident köşgi, birnäçe ministrlikleriň jaýy we resmi binalar “Buig” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berildi. Bu binalar Türkmenistanyň paýtagt şäheriniň täze ýüzüniň bir bölegi.

Indi Türkmenistana “Vinci” kompaniýasy hem barýar we bu kompaniýa hem Fransiýada öňde barýan kompaniýalaryň biri. Bu kompaniýalaryň ikisi üçin hem türkmen bazarynda ýer bar we meniň pikirimçe, bularyň ikisinde hem täze türkmen döwletine täze görnüş gazandyrmaga ýeterlik derejede tejribe we kämil tehnologiýa bar.

Emma Fransiýanyň Türkmenistana berip biljek ýardamy diňe bir gurluşyk pudagy bilen çäkli däl. Nebit we gaz önümçiligi we söwdasy boýunça hem Fransiýa gerekli goldawy berip biler. Meniň pikirimçe, öňde durýan esasy işleriň biri şu bolmaly.

Biziň suw arassalaýyş işleri boýunça hem iş alyp barmaga ukybymyz bar. Türkmenistanda suw esasy meseleleriň biri. Köp bölegi çöllük bolan bu ýurtda suwuň esasy bölegi Amy-derýadan alynýar we köp mukdardaky suw Amy-derýadan ýurduň günbataryna barýança ýitýär. Şol sebäpli ekin meýdanlaryny, şol sanda pagta meýdanlaryny suwaryş işlerinde kynçylyk duýulýar. Şeýlelikde, men Fransiýanyň maýa goýumlarynyň Türkmenistan üçin örän bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň arasyndaky bilim we medeni ugurlar boýunça gatnaşyklara nähili baha berersiňiz? Fransiýada okamak isleýän türkmen studentleri üçin döredilip bilinjek alyş-çalyş programmalary ýa-da başga mümkinçilikler barmy?

Quentin Delcour: Hawa, bu ugurda hem köp işler edilmeli. Meniň bilişime görä, häzir Fransiýada bilim alýan diňe üç sany türkmen studenti bar. Bu gaty az. Elbetde, Türkmenistan diýseň kiçi ýurt we ilaty hem köp däl. Emma bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilip bilner.

Aşgabatda işjeň hereket edýän dil we medeniýet merkezimiz bar. Bu merkez Türkmenistanyň studentlerine we ýaş nesline fransuz dilini öwrenmäge mümkinçilikler döredýär. Fransuz uniwersitetlerinde we institutlarynda bilim almak üçin ilki bilen şu tapgyrdan geçilýär.

Medeniyet barada aýdanymyzda, Türkmenistanyň Eýran serhedini ýakyn ýerlerinde we beýleki zolaklarynda iş alyp barýan fransuz arheologramyz bar. Elbetde, bu iş hem güýçlendirilip bilnerdi.
XS
SM
MD
LG