Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen raýatlary we BMG-niň Adam hukuklary komissiýasy


Türkmenistanda adalaty tapyp bilmedik raýatlaryň BMG-niň Adam hukuklary komissiýasyna ýüz tutmak mümkinçiligi barada geçen programmamyzda başlan gürrüňimizi dowam etdirýäris.

Şeýle-de bu programmamyzda Türkmenistanda ýygy-ýygydan geçirilýän amnistiýalar esasynda ýeňledilýän türmeler we Orsýetde köp gürrüňi edilýän azatlygy çäklendirmek çäresi barada gürrüň edýäris.

Programmada Türkmenistan Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowanyň pikir-garaýyşlary, Aşgabatda ýaşaýan hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň we ýerli habarçymyz Soltan Açylowanyň ýurt içinden beren maglumatlary bar. Programmany Pragadaky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp bardy.

Şular barada taýýarlanan "Adam hukuklary" programmasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG