Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistandaky talyp söweşijileriniň lideriniň ölendigi habar berilýär


Şu gün Päkistanyň döwlet telewideniýesi ýurtdaky talyp söweşijileriniň lideri Hekimullah Mehsudyň şu aýyň başynda Amerikan güýçleriniň howa hüjüminde alan ýarasyndan ölendigini habar berdi.

Ýöne adynyň tutulmagyny islemedik bir resmi çeşmä salgylanyp ýaýradylan bu maglumaty doly tassyklamak häzirlikçe başartmady.

Talyplaryň sözçüsi Hekimullah Mehsudyň ölendigi barada döwlet telewideniýesiniň ýaýradan bu maglumatyny ret etdi.

Päkistanyň harby güýçleriniň generaly Athar Abbas häzirki wagt bu maglumaty anyklamak boýunça harby güýçleriň derňew alyp barýandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG