Sepleriň elýeterliligi

Şaýylaryň ýaraşyk teklibini Ýemen ret etdi


Ýurduň demirgazygynda hereket edýän şaýy gozgalaňçylarynyň ýaraşyk barada eden teklibini Ýemen häkimiýetleri ret etdi.

Gozgalaňçylar diňe bir ýaragy taşlap, hökümet güýçlerinden zamun alan soldatlaryny halas etmek bilen çäklenmän, Saud Arabystany bilen serehetdeş territoriýada hüjümleri bes etmegi ýurduň ýolbaşçylary talap edýärler.

Şaýy gozgalaňçylary birnäçe ýyl bäri ýurduň demirgazygynda söweş alyp barýarlar.

Soňky döwür goşun olaryň pozisiýasyna uly möçberli hüjümleri amala aşyrdy.
XS
SM
MD
LG