Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ýene bir gezek synçylaryň ünsüni çekdi


Daşary ýurtda okuwyny dowam etdirmek üçin studentleriň bir toparyna türkmen häkimiýetleriniň rugsat bermegi, häkimiýetiň ýokary gatlagynda bu karara gelinmegi halkara synçylarynyň ýene bir gezek ünsüni çekdi.

Bu görkezme 22-nji ýanwarda bolan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň peýda boldy. Prezident tarapyndan iki edaranyň alyp barýan işi tankyt astyna alyndy.

Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow Gümrük hem Migrasiýa gulluklarynyň işinden nägilelik bildirdi. Gümrük gullugynyň başlygy çalşyldy. Migrasiýa gullugynyň işini prezident uly syýasy ähmiýetli iş bilen baglanyşdyrdy.

Prezident köp sanly faktorlaryň fonunda Migrasiýa gullugynyň kemçilikleriniň aýan bolýandygyny belledi. Şol faktorlara “Häzirki zaman hem güýçli depginde ösýän Türkmenistana halkara jemgyýetçiligi tarapyndan barha artýan gyzyklanma şaýatlyk edýär” diýip, prezident belledi. Hut şunuň bilen bagly kemçilikleri gyssagly aradan aýyrmagy ol Migrasiýa gullugyndan talap etdi.

Awgust aýynda 50-den gowrak studentiň daşary ýurda okuwa gitmegine ýokardan girizilen garaşylmadyk gadaganlygyň prezidentiň yglan edýän çagyryşlaryna ters gelendigini synçylar bellediler.

Synçylar daşarky dünýä üçin Türkmnistanyň barha giň açylýandygy, ýurtda kadrlar ýetmezçiligini aradan aýrmak üçin uly planlaryň düzülýändigi dogrudaky tassyklamalara, bilim sistemasyny doly reforma etmek ýaly ideýalara bu gadaganlygyň ters gelýändigini belläp, prezidentiň aýdýan zatlaryny studentler toparynyň ýurtdan çykmagyna girizilen gadaganlygyň püçege çykarýandygyny aýdýarlar.

Bir zat welin näbelli

Bir zat şu wagta çenli näbelli bolup galýar: şol karar haýsy derejede hem haýsy esaslara salgylanyp, kabul edildi? Ol Wiktor Hramowyň ýolbaşçylyk edýän ideologiýa we propaganda apparatynda döredimi?

Studentleriň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilmegine ideologiýa meselesinden çetde durmaýan Milli howpsuzlyk ministrliginiň nähili gatnaşygynyň bardygy-da näbelli bolup galýar. Şol gadaganlyga ýurduň içindäki edaralaryň ýene haýsylarynyň gatnaşygy bar? Bu aksiýa diňe Migrasiýa gullugy gatnaşdymy?

Belki-de, prezidentiň ýanyndaky kanun goraýjy organlaryň işi boýunça graždanlaryň şikaýatlaryna seredýän döwlet komissiýasy özüni görkezendir? Studentleriň maşgala agzalarynyň, hossarlarynyň ýokaryk eden şikaýatlary täsir etdimikä? Çünki prezident Howpsuzlyk sowetiniň maslahatynda döwlet komissiýasyny ýöne ýere goldamady ahyryn! Mundan beýläk graždanlaryň şikaýatlaryna dykgat bilen seretmegi, her bir ýagdaýy üns bilen öwrenmegi talap etdi.

Sarsgyn döretdi

Studentler bilen bagly ýagdaý halkara derejesinde sarsgyn döretdi. Bu gadaganlygyň nireden çykanlygy, ony kimiň tapandygy hem işe girizendigi barasynda açyklyk ugrundan ýüz öwrüp, studentleriň daşary ýurtlara akymyny kesmäge gönükdirilendigi ýaly köp sanly çaklamalar, myş-myşlar peýda boldy.

S.Nyýazowyň ýoly bilen gitmäge prezidenti mejbur etmek üçin gurnalan prowakasiýa bolmagy mümkin diýen çaklama-da döredi. Her zadam bolsa, şol gadaganlygyň ýatyrylmagy kimiňdir biriniň hatasyny düzetmäge synanyşygy aňladýar.

Ýokarda kimiň şunuň ýaly ýalňyşlyk goýberendigini, kimiňdir biriniň ýurda örän uly zyýan ýetirendigini jemgyýet bilermikä? Bu bir säwlikmi ýa akylly-başly gurnalan iş.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG