Sepleriň elýeterliligi

Karzaý talyplar bilen gepleşik geçirmegiň tarapdary


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň indi köp wagtlardan bäri talyp söweşijileriniň hatarlaryndaky aram toparlar bilen gepleşik geçirmekligiň tarapyny tutup gelendigini belledi.

Prezident Karzaý özüniň bu ugurdaky garaýyşlaryna diňe indi-indiler halkara jemgyýetçiliginden goldaw tapandygyny aýtdy: «Bu strategiýa Birleşen Ştatlardan gelenok, bu biziň öz strategiýamyz. Men şu günki güne çenli özümiň sekiz ýyl prezidentlik wezipesinde işläp gelen döwrümde talyplar bilen gepleşikler geçirmekligiň, aýratynam parahatçylyk meseleleri boýunça gepleşik geçirmekligiň tarapyny tutup, yzygiderli çykyş edip geldim. Ýöne geçen ýyla çenli biziň bu ugurdaky garaýyşlarymyz Birleşen Ştatlar we beýleki Günbatar hökümetleri, şol sanda NATO tarapyndan hem goldaw tapmady. Ahyrsoňy-da, amerikalylar biziň bu baradaky syýasatymyz bilen ylalaşdylar we ony kabul etdiler. Londonda geçirilen konferensiýa hem hut şu syýasaty goldamak maksady bilen gurnaldy. Biz bu syýasaty durmuşa geçirmekde-de bilelikde iş alyp bararys diýip, umyt edýäris».

Owganystan meselesi boýunça geçen hepde Londonda geçirilen bu halkara konferensiýada prezident Hamid Karzaý talyplaryň liderleri bilen dialog geçirmekligiň şertleri barada-da durup geçdi. Hususan-da, ol talyplaryň liderlerini parahatçylyk gepleşiklerine itergi bermek maksady bilen «Loýa jirgä», ýagny ýurduň ýaşulylarynyň Baş Maslahatyna gatnaşmaklyga çagyrdy.

«Roýters» habar agentliginiň maglumatyna görä, mundan üç hepde öň bu meseläni maslahatlaşmak üçin talyplar Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky edarasy bilen habarlaşypdyrlar. Bu maglumata görä, talyplaryň «Kuetta şura» diýlip atlanydyrylýan ýolbaşçy toparynyň agzalary BMG-niň Owganystandaky ýörite wekili Kai Eýde bilen gizlin duşuşypdyrlar.

Birleşen Milletler Guramasyndan öz adynyň tutulmagyny islemedik bir resmi bu talyp liderleriniň Kabulyň hökümeti bilen gepleşik geçirmek mümkinçiliklerini geňeşmek üçin Kai Eýde bilen duşuşandyklaryny mälim etdi.

Urşuň tamamlanmagy

Ýurduň prezidenti Hamid Karzaý Owganystanda Birleşen Ştatlaryň öňbaşçylygynda alnyp barylýan urşuň tamamlanmak meselesiniň diňe harby çärelere bagly bolmajakdygyny aýdýar.

Geçen hepde dünýäniň 60-dan gowrak döwletiniň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda Londonda geçirilen konferensiýada resmiler şu ýylyň ahyrlaryna we geljek ýylyň başlaryna çenli Owganystanyň birnäçe welaýatyndaky howpsuzlyk çäreleriniň jogapkärçiligini ýurduň harby güýçleriniň öz üstlerine almalydyklaryny öňe sürdüler.

Şeýle hem bu konferensiýada talyplary parahat durmuşa gaýtaryp getirmek we olary ýurduň kanunçylygyna eýertmek üçin adaty talyp söweşijilerine maliýe ýardamlaryny bermekligi göz öňünde tutýan ýörite fonduň döredilmegi barada-da ylalaşyga gelindi.

Parahat durmuşa dolanjak talyplary iş bilen üpjün etmek hem-de olara dürli hünärler boýunça tälim bermek üçin ilkinji ýyl 140 million dollarlyk proýekt göz öňünde tutulýar.

Bu wakalardan birneme öň talyplar diňe daşary ýurt güýçleri Owganystany doly terk eden halatynda ýurduň resmi hökümeti bilen parahatçylykly gepleşiklere girişip biljekdiklerini tekrarlapdylar. Ýöne geçen hepdäniň anna güni talyplaryň sözçüsi talyp toparlarynyň liderleriniň hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamalymy ýa başlamaly däldigi barada ýakyn wagtlarda karar kabul etjekdiklerini aýtdy.

Düýn, ýekşenbe güni, Kabulda bu mesele bilen baglanyşykly geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Hamid Karzaý özara gepleşik geçirmek baradaky teklipleriň Al-Kaýda topary bilen hyzmatdaşlykdaky adamlara degişli däldigini nygtady.
XS
SM
MD
LG