Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Sarkozy bilen duşuşdy


Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozy (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) günortanlyk naharynyň öňüsyrasynda, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.
Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozy (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) günortanlyk naharynyň öňüsyrasynda, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.

1-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozy bilen duşuşdy. Bu duşuşyk türkmen prezidentiniň Fransiýa saparynyň başynda Ýeliseý köşgünde bolup geçdi.

Berdimuhamedow bilen Sarkozynyň arasyndaky gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar, Owganystan we neşe söwdasyna garşy göreş maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň bilelikde berlen beýanatda taraplar regional we halkara parahatçylygýn, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagyna Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň goşant goşýandygyny bellediler.

Iki ýurduň prezidentleri energiýa, infrastruktura, turizm, gurluşyk we aragatnaşyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine isleg bildirdiler. Taraplaryň ynam bilen bellemegine görä, iki ýurduň arasynda energiýa boýunça iş toparynyň döredilmegi bu pudak boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açar.

Üzňelikdäki režimiň ýolbaşçysynyň Fransiýa ilkinji saparynyň dowamynda söwda gepleşikleri gün tertibiniň esasy bölegi bolar diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň ägirt uly gaz rezerwlerine Hytaý, Russiýa we Ýewropa tarapyndan isleg bildirilýär.

Aşgabat daşary ýurt maýa goýumlary üçin Türkmenistanyň gapylaryny açmagy wada beripdi we Russiýanyň territoriýasyndan sowa Ýewropa çekilmegi göz öňüne tutulýan gaz geçirijileri boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen işleşmäge gyzyklanma bildiripdi.

Berdimuhamedow öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň režiminden soňra adam hukuklary boýunça käbir öňegidişlikleriň boljakdygyny hem yşarat edipdi.

Adam hukuklary

Bilelikdäki ýaýradylan beýanatda Berdimuhamedow we Sarkozy Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky adam hukuklary babatda dowam edýän gepleşiklerden kanagatlanýandyklaryny bildirdiler. Emma bu beýanat şeýle gepleşikleriň az netije berýändigini aýdýan türkmen režiminiň tankytçylaryna teselli berjege meňzemeýär.

Prezident Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýanynda “Halkara adam hukuklary federasiýasy”, “Fransiýanyň adam hukuklary ligasy”, “Human Rights Watch” we “Serhetsiz Reportýorlar” topary söz we metbugat azatlygynyň, garaşsyz birleşikleri döretmek hukugynyň, hereket we din azatlyklarynyň Türkmenistanda çendenaşa çäklendirilýändigini aýdypdylar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Sarkozyny Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýdalygyna degip geçmek üçin Berdimuhamedowyň bu saparyndan peýdalanmaga çagyrypdylar.

Duşuşygyň dowamynda Berdimuhamedow Sarkozyny Aşgabada resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy, fransuz prezidenti bu çakylygy kabul etdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazow Fransiýa 1993-nji ýylda sapar edipdi, 1994-nji ýylda bolsa fransuz prezidenti Fransua Mitteran Aşgabada barypdy.
XS
SM
MD
LG