Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky partlamada azyndan 41 adam öldi


Şu gün Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň resmileri Bagdadyň eteginde şaýylaryň geçirýän dini zyýaraty wagtynda janyndan geçen bir aýalyň zyýaratçylaryň arasynda öz-özüni partlatmagy netijesinde azyndan 41 adamyň ölüp, 100-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Bu wakanyň bolan wagty zyýaratçylar Bagdadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kerbala şäherine dini zyýarata barýan ekenler.

Bu Arbaýn atly dini zyýarat her ýyl Muhammet pygamberiň agtygy Husseýniň ölüminiň 40-ny bellemek üçin geçirilýär.

Bu günki partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG