Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň OMON güýçleriniň agzalary prezidente şikaýat etdiler


Şu gün Orsýetiň esasy saýlama OMON güýçleriniň agzalary öz ýolbaşçylarynyň kanun bozmalaryndan şikaýat edip, ýurduň prezidentine şikaýat bilen ýüz tutdular.

Orsýetiň hepdelik “Nowaýa wremýa” žurnaly şu gün Moskwadaky bu OMON bölüminiň 10 töweregi agzasy tarapyndan ýazylan bu hatdan bölekleri çap etdi.

Orsýetiň prezidentine hem-de baş prokuroryna ýazylan bu hatda OMON-yň işgärleri öz ýolbaşçylarynyň her gezekki iş smenalarynyň dowamynda OMON-yň her bir işgärine üç adamy tussag etmäge görkezme berýändigini aýdyp, bu ýagdaýdan şikaýat edipdirler.

Şeýle hem, hatyň awtorlary OMON-yň bu batalýonynyň ten satýan aýal-gyzlary goramak, halanmaýan biznes jaýlaryny basyp almak ýa-da halanmaýan mitingleri dargytmak ýaly çärelerde ulanylyp, onuň pul gazanylýan struktura öwrülendigini belläpdirler.
XS
SM
MD
LG