Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Homeýniniň sürgünden dolanmagynyň 31 ýyllygy bellenilýär


Şu gün Eýranda Yslam respublikasynyň düýbüni tutujy Aýatolla Homeýniniň Yslam rewolýusiýasyndan soň ýurda dolanyp gelmeginiň 31 ýyllygy bellenilip geçilýär.

1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Aýatolla Homeýni daşary ýurtda 14 ýyl bosgunlykdan soň, Eýrana dolanyp barypdy.

Şol wakanyň yzy bilenem, Aýatolla Homeýniniň ýolbaşçylygyndaky halk gozgalaňynyň netijesinde 1979-njy ýylyň 11-nji fewralynda Amerika tarapdar şa režimi agdyrylyp, Yslam respublikasy berkarar edildi.

Yslam rewolýusiýasynyň yzy bilen, Aýatolla Homeýni Eýranyň baş ruhy lideriniň wezipesine eýe boldy. Şol wezipesinde-de ol 1989-njy ýylda aradan çykýança oturdy.
XS
SM
MD
LG