Sepleriň elýeterliligi

Abu-Dabide Türkmenistana bagyşlanylan forum açyldy


Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide Türkmenistanyň inwestisiýa meselelerine bagyşlanylan ýörite halkara forumy öz işine başlaýar.

Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisiniň hem gurnaljakdygy habar berilýär.

Maglumata görä, Türkmenistandaky inwestisiýa meselelerine bagyşlanylyp daşary ýurtda geçirilýän bu ilkinji forumyň barşynda türkmen delegasiýasynyň wekilleri özleriniň daşary ýurtly partnýorlaryny Türkmenistanyň senagatda we ykdysadyýetde gazananlary hem-de ýurtdaky inwestisiýa perspektiwalary bilen tanyşdararlar.

“Türkmenistan Altyn asyr” internet saýty daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden 270-den gowragynyň bu foruma gatnaşmaga isleg bildirendiklerini habar berýär.
XS
SM
MD
LG