Sepleriň elýeterliligi

Obama 2011-nji ýyl üçin býujet proýektini Kongrese ugratdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 2011-nji maliýe ýyly üçin federal býujetiň proýektini Kongrese ugratdy.

Proýekt iş orunlaryny döretmek programmasyna goşmaça serişdeler goýbermegi hem beýleki pudaklary, hususan-da, kosmosy özleşdirmek programmasyny maliýeleşdirmegi azaltmagy göz öňünde tutýar.

“Maşgalalaryň we kärhanalaryň ýaşaýan prinsipi boýunça Waşingtonyňam ýaşamagyna wagt etdi. Mümkin boldugyndan serişdeleri tygşytlamak gerek. Iň zerur zatlara olary harçlamaly. Ýagdaýa görä ýaşamaly” diýip, Barak Obama aýtdy.

Dokumente laýyklykda 2010-njy ýyl üçin býujetiň defisiti rekord dereje bolup, ol bir ýarym trillion dollardan agdyk bolar. Ol soňy bilen peseler. ABŞ-nyň döwlet çykdajylary 4 trillion dollara golaýlaýar.

Obamanyň maliýe planyny hem onuň administrasiýasynyň ykdysady krizisden çykmak boýunça çärelerini respublikanlar tankyt edýärler.

ABŞ-nyň häzirki maliýe problemalarynyň jogapkärçiligini demokratlar respublikaçy Jorj Buşuň öňki administrasisynyň üstüne ýükleýärler.
XS
SM
MD
LG