Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Timoşenko bilen teledebat geçirmekden ýüz öwürdi


Ukrainanyň prezidentligine kandidat, “Regionlar partiýasynyň” lideri Wiktor Ýanukowiç düýn beýleki bir kandidat - premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko bilen teledebat geçirmekden ýüz öwürdi.

Bu hereketini Ýanukowiç Timoşenkonyň “ýalan sözlemek boýunça çempionat gurnandygy” bilen esaslandyryp, şol debatdan has möhüm işleriniň bardygyny aýtdy.

Mundan öň Timoşenko Wiktor Ýanukowiçi “mafiýanyň oýnatgysy” atlandyryp, ony saýlawlarda täsirli oligarhlaryň goldaýandygyny aýdypdy.

Ýanukowiç Ukrainanyň birinji tapgyr prezident saýlawlarynda 35% gowrak ses alyp, Ýuliýa Timoşenkodan 10% ozupdy.

Ikinji tapgyr saýlawlar Ukrainada 7-nji fewralda geçiriler.
XS
SM
MD
LG