Sepleriň elýeterliligi

Lukoşenko internetden peýdalanmak barada perman çykardy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukoşenko düýn ýurtda internetden peýdalanmagy kadalaşdyrmak baradaky permana gol çekdi.

“Interneti ulanyjynyň haýyşy boýunça prowaýder parnografik, ekstremistik ýa-da zorlugy propaganda edýän materiallara çäklendirme girizmäge borçly” - diýlip, dokumentde bellenipdir.

Permanyň esasy bölegi 1-nji iýuldan güýje girýär. Spesialistleriň berýän bahasyna görä, Belarusda internetden peýdalanýanlaryň sany 3 million adamdan geçýär.
XS
SM
MD
LG