Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaitä kömek bermekde kynçylyk çekilýär


Ýanwar aýynda Gaitide bolan güýçli ýer titremeden ejir çekenlere gumanitar kömek bermekde kynçylyklaryň saklanýandygyny Amerikan Gyzyl haç guramasy habar berdi.

Guramanyň wise-prezidenti Dewid Melser: “Usti gumanitar ýükli müň töweregi uçar Gaitä uçup bilmeýär. Ýurduň paýtagty Port-o-Prensäniň aeroporty adatdan daşary işl” - diýdi.

Paýtagtyň deňiz porty hem ýer titremede weýran bolupdyr.

Häzir kömek gury ýer bilen Dominikan respublikasyndan eltilýär. Ýollaryň zaýalanandygy üçin awto kerweni 6 sagatlyk ýoly 18 sagatda geçmeli bolýar.
XS
SM
MD
LG