Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýada Zulfikar Alispago tussag edildi


Düýn Bosniýada 90-njy ýyllardaky uruş wagty bosniýaly musulmanlaryň meýdan komandiri bolan Zulfikar Alispago tussag edildi.

Ýerli köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, 1993-nji ýylda 22 bosniýaly horwatyň öldürilmegine tussag edileniň gatnaşygynyň bardygyny derňew güman edýär.

Şol öldürilenleriň parahat ýaşaýjylar hem harby ýesirlerdigi Bosnýa prokuraturasynyň beýannamasynda bellenipdir.

Bosnýaly musulmanlar hem horwatlar serblere garşy uruşda soýuzdaşdy, ýöne soňky bir ýylyň dowamynda özara urşupdylar.
XS
SM
MD
LG