Sepleriň elýeterliligi

Kuçma: "Syýasy sistema üçin täze talantlar gerek"


Ukrainada prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry golaýlap gelýärkä, öňki prezident Leonid Kuçma Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Ýurduň syýasy sistemasy öz ýerine ýetirmeli işleriniň hötdesinden gelip bilenok, oňa täze talantlar gerek” diýýär.

Kuçmanyň pikiriçe, 7-nji fewralda premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko ýeňiş gazanýarmy ýa-da oppozision ýolbaşçy Wiktor Ýanukowiç, haýsy hem bolsa, Ukrainanyň syýasy dolandyryşy ýurduň gyssagly problemalaryny çözüp bilmez: “Bize Ukrainada syýasatda täze şahsyýetleriň gerekdigi belli zat. Saýlawyň netijeleri nähili bolsa-da, onuň syýasy durnuklylyk getirip, ýurtdaky ykdysady problemalaryň hiç birini çözüp bilmejekdigi-de belli zat”.

“Mämişi rewolýusiýa 2004-nji ýylda beren wadalaryny ýerine ýetirenok. Ýuşenko bilen Timoşenko geçen bäş ýyllykda etmeli işlerini etmän, ýurtda kimiň güýç-gudraty ýokary diýen bäsdeşlige girişdiler” diýip, Kuçma aýdýar.

1994-den 2005-nji ýyla çenli Ukrainada prezidentlik wezipesinde bolan Kuçma reformalar girizip, ýurduň ykdysadyýetini durnuklylaşdyrdy diýen abraýa eýe boldy welin, ýöne onuň administrasiýasy giňden ýaýran parahorlyk we erkin mediany bogup ýatyranlykda dowamly aýyplandy.

Bölünişik ýitileşdi


2004-nji ýylda amala aşan ”Mämişi rewolýusiýa” Ukraina NATO we Ýewropa Bileleşigine girmek umydyny getirse-de, ýurduň ukrain dilli günbatar bölegi bilen ors dilli günorta welaýatlarynyň arasyndaky bölünişigi ýitileşdirdi.

Kuçma öz prezidentlik döwründe bular ýaly bölünişigiň bolmandygyny aýdýar: “Men prezidentkäm, Ukrainada günbatar-gündogar diýen bölünme ýokdy. Tersine, men indi özara düşünişip gelýäris diýip, pikir edýärdim. Ýöne 2004-nji ýylda geçen prezidentlik saýlawy ýurdy ikä böldi. Şondan bäri hem üýtgän zat ýok. Bu gün Timoşenkonyň günbatarda köp goldalyp, Ýanukowiçiň hem gündogarda köp goldanylýandygy hemmä belli”.

Kuçma prezidentkä özüniň giň gerimli daşary syýasat alyp baryp, hem Orsýet hem-de Günbatar bilen oňat aragatnaşyk saklamaga synanyşandygyny belleýär. Ol: “Bu ugry üýtgedip, ýeke Günbatar bar-da, Orsýet ýok ýaly hereket etdi” diýip, Ýuşenkony tankytlaýar.

Kuçmanyň garaýşyça, Kiýew Moskwa bilen ýakyn aragatnaşyk saklasa-da, Orsýetiň awtoritar syýasatyny görelde edinmez: “Men bular ýaly gorkynyň esassyzdygyna berk ynanýaryn. Ukraina Orsýet däl. Her iki ukrainiň başyna üç hojaýyn bar. Bu bir hakykat. Her bir derejede göreş barýar. Şol sebäpden men bular ýaly howp bardyr öýdemok. Üstesine-de, biziň parlamentar-prezidentlik ülňümiz ýurdy diktatorlykdan gorar”.
XS
SM
MD
LG