Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň howandarlygynda geçirilen köp ýurtlarda gizlin türmeleriň bardygy bilen bagly derňew işi tamamlandy.

Adatça, şol türmelerde terrorizmde güman edilýänler, şeýle-de opplozisiýa wekilleri ýa häkimiýetlere ýaramaýan adamlar saklanylýarlar.

Taýýarlanan dokument 220 sahypadanam agdyk bolup, onda 44 döwletiň wekilleriniň düşündirişleri bar. Şol ýurtlarda gizlin türmeleri ulanmak praktikasy hasaba alnypdyr.

Ondanam başga, gizlin türmede saklanan iň bärkisi 30 pida barada subutnama-da bar. Olar şol türmelerde urlup-enjilipdirler, dürli gynamalara sezewar edilipdirler.

Gizlin türmeler adam hukuklarynyň bozulmalarynyň anyk mysaly bolup, şol praktika halkara adam hukuklaryny goraýan we gumanitar guramalaryň standartlaryna we kanunlaryna ters gelýär - diýlip, BMG-niň barlaglarynda tassyklanylýar.

BMG-niň pikiriçe, tussaglaryň gizlin saklanylýan ýerlerini peýdalansa, şol döwlet bu hereketini hiç zat bilen aklap bilmez, çünki bu işiň soňy gynamalary, sudsuz ar almany goşmak bilen eden-etdilige alyp gelýär.

Şunuň bilen bagly Amerikanyň Merkezi razwedka gullugy ýiti tankyt astyna alnypdyr. Waşington gizlin türmeleri terrorizme garşy giň göreş kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde aklady. Ýöne şol türmelerde bikanunçylygyň dürli formalary ýüze çykypdyr.

Amerikan administrasiýasy muny inkär etjek bolmaýar. Ondanam başga prezident Barak Obama Guantonamadaky belli türmäni ýapmak bilen, bu praktikanyň soňuna nokat goýmagy wada beripdi.

“Amnesti International” we beýleki adam hukuklaryny goraýan guramalar ençeme ýyllaryň dowamynda dünýäniň köp ýurdunda gizlin türmeleriň bardygyny ýiti ýazgaryp geldiler. Şol türmelerde adamlar uç-dereksiz ýitirim boldy, urlup-enjildi, gynamalara sezewar edildi. Sudsuz-soragsyz öldürilenler hem bar.

BMG-niň gurnamagynda geçirilen barlaglaryň awtorlary bu praktikanyň nasizm we kommunizm zamanynda giňden ulanylandygyny, režime ýaramaýan millionlarça adamy izolýasiýa salýan döwlet gurluşynyň Germaniýada we SSSR-de döredilendigini belleýärler. Şunuň bilen baglanyşykly adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar şu problemanyň Türkmenistanda-da bardygyna ünsi çekýärler.

Türkmen tussaglarynyň ykbaly

Nyýazowyň hökümdarlyk eden ýyllary oppozisiýa wekillerini jemgyýetiň gözünden daşdaky, gizlin hem doly ýapyk türmelere salmak işi ösüpdi. Daşary ýurt jemgyýetçilik we dini guramalar üçin şol türmelere barmak mümkin däldi. Sanalgy adama şol elhenç ýerden sag-aman çykmak başartdy, ýöne düşnükli sebäpler ötri şol türmelerde bolýan işler barada olar dymmaly bolýarlar.

Türkmenistanyň ozalky Daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar. Şol bir günä bilen başga-da adamlaryň uly topary gözenegiň aňyrsyna geçirildi. 2002-nji ýylyň ahyryndan bäri şol adamlar barasynda hiç zat belli däl.

Adamlardan ar almagyň baş inisiatorynyň dünýäsini täzelänine üç ýyl boldy. Ýöne täze häkimiýetlerem şol adamlaryň ykbaly barasynda dymmagyny dowam etdirýär. Ýa gyssagara geçirilen suddan soň dälilik hetdine ýeten Türkmenbaşynyň göwnüni awlamak üçin 2002-nji ýylyň ahyrynda, 2003-nji ýylyň başlarynda şol adamlardan dyndylarmyka?

Ýurtda oppozisiýanyň, başgaça pikiriň ýoguna ýanmak üçin Nyýazow öz janyna kast etmäge synanyşyk diýen prosesi giňden ulandy. Şonda ýüzlerçe, müňlerçe adam gözenekden aňry geçirilipdi. Olaryň hat alyşmaga-da hukugy ýok. Ýakynlary bilen duşuşyk hem gadagan. Olar dirimi, eger diri bolsalar nirede saklanylýarlar?

Olar baradaky ähli hakykaty bilýän az sanly topar, elbetde, häzir bar. Güýç ulanyjy ministrlikleriň ýolbaşçylary çalşyldy, hökümetde-de esasy adamlar çalşyldy. Ýokarda ýene kimler galdy? 2002-nji ýylda ýitirim edilen tussaglara näme bolandygyny kim bilýär? Belki, prezidente iň ýakyn durýan adamlar bilýändir? Onda-da iki prezidente ýakyn duran hem durýan adamlar!

Bu ýerde Nyýazowyň iň ýakyn adamlarynyň üçlügi gaýyp ýüze çykýar – Wiktor Hramow, Aleksandr Žadan, Wladimir Umnow. Nyýazowyň ähli syrlaryny saklaýjylar hökmünde şolaryň roly bolaýmasyn? Türkmenistandaky gizlin, ýapyk türmeleri, köp ýyl şol ýerlerde saklanýan pidalaryň ykbalyny kim bilýär?

BMG-niň adam hukuklary boýunça Komitetiniň maslahaty 8-nji marta bellenipdir, şol maslahatda gizlin tussaghanalaryň pidalary baradaky doklad maslahatlaşylar.

Ýapyk türmelerde, adamlaryň gözünden daşda saklanylýan türkmenistanlylara şol diňlenişik peýda berermi? Ýakyn hem daşgyn garyndaşlary ahyr soňy olar barasynda bir habarjyk alyp bilermi? Olaryň maşgalalaryna köp garaşdyran parahatçylyk haçan geler?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG