Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenkonyň internete gözegçilik permany tankyt edilýär


Belarusyň žurnalistleri we oppozisiýa wekilleri ýurduň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň internete gözegçilik etmek barada şu hepde gol çeken permanyny tankyt edýärler.

Hepdäniň duşenbe güni prezident Lukaşenko ýurtdaky internet prowaýderlerini internetden peýdalanýan adamlar we olaryň ulanýan saýtlary barada hasabat ýöretmeklige hem-de bu barada polisiýa maglumat bermeklige borçlandyryjy permana gol çekdi.

Belarusyň Žurnalistler Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Andreý Bastunes prezident Lukaşenkonyň bu soňky permanyny maglumatlaryň üstünden doly kontrollyk etmek diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG