Sepleriň elýeterliligi

Bosniýanyň polisiýasy bir oba garşy operasiýany ýola goýdy


Şu gün Bosniýanyň polisiýasy öz ýerli ýaşaýjylary yslam dininiň wahhabizm akymyna eýerýänlikde güman edilýän bir oba garşy giň gerimde operasiýany ýola goýdy.

Bosniýanyň prokuratura resmileri Gornýa Maosa diýlip atlandyrylýan bu obanyň ýaşaýjylarynyň arasynda dini we milli çydamsyzlygy wagyz edýän hem-de konstitusion düzgün-tertibe howp abandyrýan adamlaryň bardygyny aýdyp, bu operasiýanyň şol adamlara garşy gurnalandygyny mälim etdiler.

Bosniýanyň resmileriniň maglumatyna görä, yslam ekstremizminde güman bildirilýän bu adamlara garşy ýola goýlan operasiýaýa 600 töweregi polisiýa işgäri gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG