Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Yragyň bergileriniň 80%-ni geçdi


Şu gün Yragyň Maliýe ministrligi Hytaýyň häkimiýetleriniň bu ýurduň Hytaýa bolan bergilerinden 80 prosentini geçmäge razy bolandyklaryny mälim etdi.

Maglumata görä, bu baradaky ylalaşyga şu gün iki ýurduň wekilleri Pekinde gol çekipdirler.

Şu çaka çenli Yragyň Hytaýa bolan bergileriniň umumy möçberi 8.5 milliard dollar töweregi diýlip hasaplanylýardy.

Yragyň Maliýe ministrliginiň şu günki ýaýradan beýanatynda Yrak bilen Hytaýyň geçen ýyl 3.8 milliard dollarlyk özara söwda ylalaşyklaryny baglaşandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG