Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýrandaky protestlere gatnaşan ýene 9 adama ölüm jezasy berildi


Şu gün Eýranyň Ýokary sudunyň başlygynyň orunbasary Ebrahim Raasi ýurtdaky oppozision protestlere gatnaşanlardan ýene 9-syna ölüm jezasynyň berlendigini we ýakyn wagtlarda bu hökümiň ýerine ýetiriljekdigini aýtdy.

Eýranyň “Pars” habar agentligine beren interwýusynda Ebrahim Raasi bu adamlaryň kontrrewolýusion toparlara degişlidiklerini öňe sürüp, olaryň döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmaga synanyşykda günäli tapylandyklaryny belledi.

Geçen hepde şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda ölüm jezasyna höküm edilen iki adam Eýranda asylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG