Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Özbegistandaky žurnalistleriň ýadaýyna alada bildirýär


Şu gün Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk gurmasynyň media azatlygy boýunça wekili Mikloş Harasti Özbegistanda žurnalistleriň ýanalmagy bilen bagly ýagdaýlara düýpli alada bildirýändigini mälim etdi.

Mikloş Harasti bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norowa ýazan hatynda ýakynda bu ýurtda birnäçe žurnalistiň tussag edilmegi bilen baglanyşykly wakalara ünsi çekip, bu žurnalistlere garşy ýapyk gapylaryň anyrsynda geçirilen sud diňlenişiginiň we olara bildirilen gümürtik aýyplamalaryň uly alada döredýändigini nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG