Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti fransuz resmileri bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa resmi sapary dowam edýär.

Düýn prezident Berdimuhamedow Fransiýa edýän bu ilkinji saparynyň barşynda ýurduň prezidenti Nikolas Sarkozi bilen gepleşik geçirdi. Bu gepleşikde iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Fransiýanyň, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu gepleşiklerden soň, Berdimuhamedow Fransiýanyň ykdysadyýet we senagat ministri Kristin Lagard bilen hem duşuşdy. Bu duşuşykda-da türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleler giň orun tapdy.

Öz saparynyň barşynda türkmen prezidenti Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner bilen hem gepleşik geçirdi.

Maglumata görä, Berdimuhamedowyň bu üç günlük saparynyň barşynda Fransiýanyň hökümetinde we Senatynda-da möhüm duşuşyklar bolar.
XS
SM
MD
LG