Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ynjyk meselesi "sessiz" gozgaldy


Türkmenistandaky adam hukuklary barasynda, hususan-da, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş sekretary Žan-Fransua Julýar çykyş edipdi.
Türkmenistandaky adam hukuklary barasynda, hususan-da, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş sekretary Žan-Fransua Julýar çykyş edipdi.

Näme üçindir Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa saparyny yza çekdirdi. Ýogsa, türkmen prezidenti Nikolas Sarkozydan çakylygy iki ýyl mundan öň alypdy.

Belki, Aşgabady gyzyklandyrýan “Nabukko” proýektine Fransiýanyň göni gatnaşmaýandygy täsir ýetirendir? Ýene bir ýagdaý bar: Parižde atly liderler, ýolbaşçylar, islese-islemeseler-de, adam hukuklary meselesinden sypyp, aman gutulyp bilmeýärler.

SSKP MK-nyň Baş sekretarlygyna saýlanandan soň, Mihail Gorbaçýow birinji gezek Pariže gelende, SSSR-de adam hukuklarynyň bozulyşy barada gürrüňler bolupdy. Gumanitar ugurdan problemalary bolan köp ýurtlaryň ýolbaşçylary şeýle ýakymsyz pursatlary başdan geçiripdiler.

Türkmenistan bilen bagly ýagdaýam kadadan çykma däl. Taraplar, elbet-de, esasy ünsi ykdysady gatnaşyklara berdiler. Çünki Fransiýa Ýewropa Bileleşiginiň iň esasy agzalarynyň biri.

Pariž bilen gatnaşyklary ösdürmek fransuz firmalary bilen göni şertnamalar baglaşmaga, dünýäniň korporatiw sistemasy bilen gatnaşyklary ýola goýmaga Aşgabat üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin esasy ministrlikleriň ýolbaşçylary türkmen delegasiýasynyň düzüminde Pariže geldiler.

Ministrleriň atlarynyň arasynda onýyllyklaryň dowamynda häkimiýetiň kölegesinde saklanyp gelen, şol bir wagtda-da häzirki prezidente iň ýakyn durýan adamlaryň biriniň ady-da peýda boldy. Ol ykdysady kömekçi, öz wagtynda halkara metbugatynda “Nyýazowyň gaznaçysy” adyny alan Aleksandr Žadan. Käbir habar serişdeleriniň belleýşi ýaly, Žadan delegasiýanyň düzüminde Pariže prezident administrasiýasynyň baştutany hökmünde gelipdir.

Iň ýokarky başlyklardan beýlekilere hakykat ýüzünde bu syrly kömekçiniň nähili işler alyp barýany belli däl bolsa gerek. Ol Nyýazowyň hökümdarlyk eden ýyllary döwründe onýyllyklaryň dowamynda aman saklanyp, sag-salamat täze prezidentiň ýanynda galmagy başaran adam. Ýurduň köp sanly kommersiýa syrlaryna şärik bu çinownigi haýsy doga gorap saklaýar?

Adam hukuklary

Türkmen delegasiýasynyň Fransiýa sapary diňe bir ykdysady ugur bilen çäklenmedi. Heniz türkmen prezidenti gelmezinden öň adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar Fransiýanyň prezidentini Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny maslahatlaşmak mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrypdylar.

Bu barasynda, hususan-da, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş sekretary Žan-Fransua Julýar çykyş edipdi. Ol beýleki meseleler bilen bir hatarda “Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň hökümetleri Türkmenistanda adam hukuklary problemasyna göz ýumup, partnýorlyk hem hyzmatdaşlyk barasyndaky ylalaşyga gol çekişip, gymmatly wagty hem täsir guralyny elden giderdiler. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ýagdaýa bolan gatnaşygy üýtgetmeli” diýipdi.

Fransiýadaky “Adam hukuklary ligasy”, «Human Rights Watch», “Adam hukuklarynyň halkara Federasiýasy”, “Serhetsiz reportýorlar” guramalary fransuz hem beýleki ýewropa hökümetlerini Türkmenistanyň prezidentiniň şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmegine aýak diremäge çagyrypdy. Ine, olar:

-Ähli syýasy tussaglary we wyždan ýesirlerini azatlyga çykarmak;

-Syýasy äheňler bilen türmelerde saklanylýan tussaglaryň ählisiniň işine seretmek boýunça umumymilli açyk proses gurnap, olaryň anyk sanyny kesgitläp, gazaply daramagyň pidasy bolanlara degişli tölegleri kepillendirmek;

-Studentleriň, graždan aktiwistleriniň we oppozisiýa wekilleriniň garyndaşlarynyň hereket azatlygyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrmak;

-Aktiwistlere, jemgyýetçilik guramalaryň agzalaryna we žurnalistlere yzarlanmalardan gorkman, erkin işlär ýaly mümkinçilik döretmek;

-Garaşsyz synçylaryň, hususan-da, BMG-niň synçylarynyň ýurda, şol sanda türmelere baryp bilmegini üpjün etmek. Çünki olar Türkmenistana barmak üçin rugsat almagyň zerurdygyny nygtaýarlar.


Ine, şu meseleleriň fonunda türkmen prezidentiniň sapary başlandy. Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu temalardan barybir gutulyp bolmajagyna göz ýetiren Gurbanguly Berdimuhamedow öz beýannamalarynda S.Nyýazowyň gazaply awtoritar dolandyryşyndan soňky döwür Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýda käbir gowulaşmalaryň bardygyny mälim edipdir.

Bu barasynda metbugatyň diplomatlarça seslenmelerine görä, “Türkmenistanyň we Fransiýanyň prezidentleri Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary temasy boýunça barýan dialogyň gidişinden kanagatlanma bildiripdirler”.

Şol dialog ýurtdaky real ýagdaýa nähili täsir ýetirer? Ýurduň ýönekeý graždanlary haýsydyr bir netijeleri haçan duýarlar?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG