Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama Dalaý Lama 14-nji bilen duşuşmakçy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Hytaýyň nägileligine garamazdan, Tibetiň ruhany lideri Dalaý Lama 14-nji bilen duşuşmakçy.

Bu barasynda hepdäniň sişenbe güni Ak tamyň wekili Bill Berton aýtdy. Duşuşygyň boljak anyk wagty häzirlikçe habar berilmeýär. Şol bir wagtda-da Berton ABŞ-nyň Tibeti öňküleri ýaly Hytaýyň bir bölegi hasap edýändigini aýtdy.

Ýakynda Hytaý häkimiýetleri Obamany Dalaý Lama bilen duşuşmazlyga çagyrypdy. Pekin ony seperatizmde we Tibetde bidüzgünçilikleri öjükdirmekde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG