Sepleriň elýeterliligi

“Memorial” jemgyýeti Nobel baýragyna hödürlenýär


Orsyetiň adam hukuklary boýunça “Memorial” jemgyýeti 2010-njy ýylda Nobel baýragyna hödürlenýänleriň arasynda bar.

Baýraga dalaşgärleriň sanawy gizlin saklansa-da, käwagt hödürleýänler kimi teklip edendigini aýdyp goýberýärler.

Norwegiýaly syýasatçy Erna Solberg baýragy “Memoriala” bermegi teklip edendigini aýtdy.

Teklip edilenleriň sanawynda hytaýly dissident - ýazyjy Lýu Sýaobo-da bar. Ol geçen ýylyň ahyrynda 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi oktýabr aýynda yglan ediler. Geçen ýyl şol baýraga ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG