Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ-a tussaglary alyşmagy teklip edýär


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat düýn eýran telewideniýesine beren interwýusynda içalyçylykda güman edilip, Eýranda saklanan üç amerikan turistini ABŞ-nyň türmelerinde oturan eýran graždanlarynyň toparyna çalyşmaga Tähranyň taýýardygyny aýtdy.

Ahmedinejat jikme-jik maglumatlar bermedi. Dekabr aýynda, Tähranyň tassyklamasyna görä, ABŞ-nyň türmelerinde oturan 11 adamyň sanawyny Eýran äşgär etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti eýran prezidentiniň bu beýannamasyny goldady, ýöne tussaglary alyşmak mümkinçiligi boýunça hiç bir anyk çäreler barada habar bermedi.
XS
SM
MD
LG