Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Gazagystanyň ýolbaşçylygyny oňlaýar, emma...


Düýn, 2-nji fewralda, Waşingtonda geçen diňlenişikde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň amerikan bölüminiň wekili Alsee Hastings 2007-nji ýylda ministrleriň Madridde geçen duşuşygynda özüniň Gazagystanyň Gurama ýolbaşçylygyny goldandygyny bildirdi.

Ýöne ol Gazagystanyň Daşary işleri ministri Kanat Saudabaýewe bu goldawyň şol duşuşykda berlen wadalaryň esasynda bolandygyny aýtdy: “Men berilýän wadalaryň ýerine ýetirilmek üçin berilýändigine ynanýaryn. Jenap ministr, siziň hökümetiňiz hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň borçnamalaryna laýyklykda, öz wadalaryny durmuşa geçirmegi dowam etdirer diýip garaşýaryn”.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy 56 agzasy bolan, erkin media, adalatly saýlawlar we azlyklaryň hukuklary ugrunda iş alyp barýan regional howpsuzlyk guramasydyr.

Gazagystan 2010-njy ýylda bu guramanyň gezekleşilip ýerine ýetirilýän ýolbaşçylygyny öz üstüne alaly bäri demokratik reformalary geçirmek barada beren ozalky wadalaryny amala aşyrýarmy ýa-da ýok, muňa Günbatar ýakyndan syn edýär.

Ýurt 2001-nji ýyldan bäri howpsuzlyk babatda Birleşen Ştatlaryň möhüm partnýory. Ýöne onuň şu çaka çenli geçiren saýlawlary Günbatar synçylary tarapyndan erkin we adalatly diýen bahany alanok. 20 ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Nursultan Nazarbaýew ýurtda güýçli oppozisiýanyň döremegine ýol berenok.

Wada berildi

Gazagystanyň Daşary işleri ministri Saudabaýew beren görkezmesinde öz ýurdunyň din erkinligi, media erkinligi, kanunyň häkimligi we sudlaryň garaşsyzlygy ýaly düýp gymmatlyklara aýratyn ähmiýet berjekdigini wada etdi: “Adam hukuklary hakyndaky çekişmelerimizde biz umumyadamzat medeniýetine, ýaşaýan dünýämiziň we ilatymyzyň etniki taýdan köpdürliligine daýanýan gymmatlyklardan ugur alarys”.

Gazagystan öňki ”demir tutynyň” aňyrsyndaky ýurtlaryň arasynda bu ýolbaşçylygy alan ilkinji ýurt. Şol sebäpden hem onuň bu baradaky üstünlikleri ”Sowuk uruş” döwründen galan ynamsyzlygy aradan aýyrmak başarnygyna bagly. Muny Saudabaýew-de nygtady.

Gazagystanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasyna ýolbaşçylyk ýylynyň özenini emele getirýän – onuň agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyny gurnamagy. Muňa ýokary ähmiýet beriýär, sebäbi bu 1999-njy ýyldan bärdäki ilkinji duşuşyk bolup durýar.

“Meniň pikirimçe, ýokary derejeli duşuşygyň esasy netijesi ösüş bolar. Bu meniň öz şahsy pikirim. Biz Owganystany sosial we ykdysady taýdan dikeltmäge Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda durýan ýurtlaryň ýolbaşylarynyň arasynda syýasy meýil döretmeli. Harby aspektleriň aladasyny NATO edip ýör” diýip, Saudabaýew aýtdy.
XS
SM
MD
LG