Sepleriň elýeterliligi

Ukrainadaky prezidentlik saýlawyna indi Gürjüstandan synçy barmaz


Şu gün Gürjüstanyň prezident administrasiýasy Ukrainada geçiriljek prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna Gürjüstandan synçylaryň barmajakdygyny mälim etdi.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynda Gürjüstandan köpsanly synçylaryň barmagy Ukrainada käbir syýasy dawalaryň ýüze çykmagyna getiripdi.

Prezidentlige dalaşgär Wiktor Ýanukowiçiň Regionlar partiýasy gürjüstanly wekilleriň ýörite ýollanan gizlin gulluklaryň işgärleridiklerini aýdyp, olary adalatly saýlaw prosesine päsgel bermek synanyşygynda aýyplapdy. Gürjüstanyň häkimiýetleri bu bildirilen aýyplamalary ret edýärler.

Şu gün prezident Saakaşwiliniň metbugat sekretary Manana Manjgaladze Ukrainada 7-nji fewralda geçiriljek ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlaryna Gürjüstandan synçylaryň barmajakdygyny aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG