Sepleriň elýeterliligi

Parlamentiň ýokarky palatasynyň spikeri Mironow Putini açyk tankyt etdi


Düýn Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy parlamentiň ýokarky palatasynyň spikeri Sergeý Mironowyň wezipesinden çekilmegini talap edip, beýanat ýaýratdy.

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy Sergeý Mironowy ýurduň premýer-ministri Wladimir Putini açyk tankyt edip, masgaralamakda aýyplaýar.

Orsýet parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri, ýurduň “Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasynyň lideri Sergeý Mironow şu hepdäniň başynda telewideniýede eden çykyşynda Wladimir Putiniň býujet syýasaty bilen özüniň bütinleý ylalaşmaýandygyny aýdypdy.

Ýöne, muňa garamazdan, synçylar Mironowyň bu waka sebäpli wezipesinden çekilmejekdigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG