Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran urany baýlaşdyrmakda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýar


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat öz ýurdunyň urany baýlaşdyrmak işlerinde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdyp, çykyş etdi.

Birleşen Milletler guramasy özüniň soňky talaplarynda Eýranyň öz uranyny daşary ýurtlarda baýlaşdyrmagyny şert edip goýupdy. Ýöne Eýran şu çaka çenli bu talaba boýun bolman geldi.

Emma ýurduň prezidenti Ahmedinejat şu günki çykyşynda pes derejede baýlaşdyrylan urany daşary ýurtlara ýollap, ony 20 prosent töweregi baýlaşdyrmak meselesiniň Eýran üçin hiç hili problema däldigini nygtady.

Käbir Günbatar ýurtlary, şol sanda Orsýet bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem Eýranyň prezidentiniň bu beýanatyny hoşallyk bilen kabul etdiler. Ýöne Birleşen Ştatlaryň resmileri Tähranyň bu ugurda resmi beýanat bilen BMG-niň Atom agentligine ýüzlenmelidigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG