Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudanyň prezidentine garşy genosid aýyplamasyna täzeden garalar


Şu gün Gagadaky halkara sudunyň şikaýatlar boýunça sudýasy Sudanyň prezidenti Omar al-Başire garşy genosid aýyplamasyny täzeden dikeltmek meselesine garamaklyga görkezme berdi.

2009-njy ýylyň martynda şu Gaga sudunyň prokurarlary Sudanyň prezidentine ýurduň Darfur regionynda genosid we ynsanýete garşy jenaýatçylyk işlerini amala aşyrmakda aýyplama bildirip, suda ýüz tutupdylar.

Ýone Gaga sudunyň sudýalary şonda prezident Omar al-Başire genosidde aýyplama bildirmek üçin esaslaryň ýeterlik däldigi barada karar çykarypdylar. Halkara prokurarlary suduň bu kararyndan şikaýat sudýalaryna arz etdiler.

Haga sudunyň şikaýatlar boýunça sudýasy Erkki Kourula Gaga sudunyň geçen ýylky çykaran kararynda genosid jenaýatyny kesgitlemek boýunça çakdanaşa ýokary standartlaryň we talaplaryň goýlandygyny belledi we Sudanyň prezidenti Omar al-Başire garşy genosid boýunça täzeden iş gozgalmagyna görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG