Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Täjigistanda gurulýan gidro-elektrik stansiýasy boýunça alada bildirdi


Şu gün Özbegistanyň premýer-ministri Şawkat Mirzaýew Täjigistanyň hökümet ýolbaşçysyna gönderen hatynda Täjigistanda gurulýan Roghun gidro-elektrik stansiýasynyň regiona abandyrýan howpundan alada bildiripdir.

Özüniň bu resmi hatynda Özbegistanyň premýer-ministri agyz suwuna ýetmezçilik duýýan we ýer yranmalary bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýän bu regionda şeýle uly gidro-elektrik stansiýasynyň gurulmagynyň howply tebigy heläkçiliklere getirip biljekdigini belläpdir
.
Täjigistanyň häkimiýetleri Sowet häkimiýeti ýyllarynda düýbi tutulan bu gidro-elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ýurduň ilatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde uly rol oýnajakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG