Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dili hakda gürrüň edeliň


Zerurlyk ýüze çykyp, baýramçylyk günlerinde sorag býurosyna—«09»-a jaň eden mahalyň seni telefon stansiýasynyň işgärleri baýramçylyk bilen gutlaýarlar. Baýramçylygam, tüweleme, her hepdede biri tapylyp dur.

Gutlaýanlar rus dilli zenanlar. Çalgyrdrak gürleseler-de, baýramçylyk bilen gutlaýyşlary ýakymly eşidilýär. Olar soralýan soraga türkmençe-de jogap berýärler, rusça-da. Olara şeýtmegi prezident Nyýazow öwredip gidipdi. Ýogsa olar hem öňler orsça sögünişip, sowalyňa jogaby bir berse, bir berenokdylar.

Ýakymly ýagdaýlar hemme ýerde gaýtalanyp durmaýar. Ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň… kabulhanalaryna jaň edýärsiň welin, saňa köne endik boýunça orsça jogap berýärler. Türkmençe gürläp başlasaň, ors dilinde gürlemegi haýyş edýärler. Kä halatlarda bolsa, ors dilinde gürlemegi talap edýärler. Ana, şonda özüňi Türkmenistanda däl-de, başga ýurtda ýaly duýýarsyň.

Bu-da hemmesi däl. Maňa ulurak ýygnanyşyklara-da, kiçiräk ýygnanyşyklara-da gatnaşmak kän miýesser etdi. Şol ýygnanyşyklarda ýygnanyşyga ýekeje rus dilde gürleýän adam gatnaşsa-da, ýolbaşçylaryň hemmesi diýen ýaly rus dilinde gürleýär.

Gör, belanyň körügi nirede?

Biz entegem SSSR döwrüniň galyndysyny gyryp taşlap bilemzok! Ýolbaşçy rus dilinde gürläp dursa, golastyndakylar neýlesin!

Türkmenler Türkmenistanda ýaşaýan gaýry milletleri sylamaly. Oňa söz ýok. Milletimiziň dürlüligine garamazdan, biziň barymyz türkmenistanly. Türkmenistanyň abraýy—hemmämiziň abraýymyz. Türkmenistanda ýaşaýan ähli milletiň wekiliniň ýaşyl tuga guwanmaga haky bar.

Islendik millet öz ýaşaýan ýurdunyň däbini, dessuryny, dilini, taryhyny biläýmeli. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda şu zatlaryň azda-kände gürrüňi hem edildi. Ýöne gürrüň gürrüňligine-de galdy. Megerem, onuň esasy sebäpleriniň biri-de şol ýyllar rus dilinde gürleýän türkmenleriň ýolbaşçylyk işlerinde agdyklyk edenligi üçindir

Häzirem döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öz türkmen dilini bilmeýänleri ýeterlik. Munuň özi gynançly faktdyr.

Türkmen bolup türkmen dilini bilmezlik! Üstesine-de ýolbaşçy bolup! Onsoň, ýurdumyzda ýaşaýan beýleki milletleriň wekillerinden nämeleri talap etjek?

Şu ýerde gowy mysallary-da getiresim gelýär. Sowet soýuzynyň ýaşan döwri bilen Türkmenistanyň garaşsyz ýaşap başlan döwrüni deňeşdirenimizde gaýry milletleriň türkmen dilinde gürleýänleriniň sanynyň ep-esli artandygyny bilmek gerek. Şeýle ýagdaý aýratynam ýaşlaryň arasynda köp. Sebäbi Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlarynda okajak bolsaň, hökman türkmen dilini biläýmeli. Ýogsa, okuw ýok.

Bu fakt ýagşymy-ýamanmy, häzir belli bir zady aýtmakdan saklanýarys. Muny ýörite seljermeli. Gepiň gysga ýeri, beýleki milletleriň ýaşlarynyň arasynda türkmençe gürleýänleriniň sany artmak bilen. Şeýle tendensiýa Sowet soýuzy döwründe düýbünden ýatdy. Tersine, şol döwürler türkmen diline seňrik ýygryldy.

Öz diliňe eýe çykmak

Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň öz diline kanuny suratda doly eýelik edip bildimi? Gynansak-da, muňa «ýok» diýip jogap berip bileris.

Ýokary derejede geçýän ýygnaklaryň kartotekalary, bilelikdäki maglumatlar, beýannamalar, her dürli kanunlar, resmi duşuşyklaryň beýany… ilki rus dilinde ýazylyp, soňra türkmen diline geçirilýär. Hatda Türkmenistanyň esasy Kanuny—Konstitusiýasy-da ilki rus dilinde ýazylypdy. Soň bolsa türkmen diline geçirildi. Görşümiz ýaly, rus dili entegem özüniň agalygyny ýöredýär. Ýaş ýigitlerdir gyzlar hem köplenç biri-biri bilen rus dilinde gepleşenlerini gowy görýärler. Aýratyn-da şäherli ýaşlar şeýle.

Bu ýazgylara rus diline garşylyk diýip düşünmeli däl. Rus dili dünýäde esasy dilleriň biri. Bu diliň üsti bilen diňe ýaşlar däl, eýsem, ýaşuly nesil hem öz düşünjesini artdyrdy, gözýetimini giňeltdi, garaýşyny ösdürdi. Islendik halkyň dilini öwrenmek gowy zat. «Bir dil bilen—bir adam, iki dil bilen—iki adam» diýilýär. Ýöne ilkinji nobatda öz ene diliňi gowy öwrenmeli. Öz ene diliňi gowy bilip, onuň daşyndanam başga dilleri öwrenip bilenler dünýäniň islendik künjeginden özlerine orun taparlar.

Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG