Sepleriň elýeterliligi

Eýrana sanksiýalar ugrunda Fransiýa alada eder


Eýranyň garşysyna täze berk sanksiýalaryň girizilmegi ugrunda Fransiýa alada eder, çünki ol özüniň ýadro programmasy meselesi boýunça dünýä jemgyetçiligi bilen hyzmatdaşlyk islemeýär diýip, çarşenbe güni Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Fiýon aýtdy.

Ýadro programmasy boýunça Eýrandan gutarnykly maglumat almak isleýän 6 döwlet Eýranyň prezidenti Ahmedinejatyň soňky aýdan pikirlerine şübhe, ynamsyzlyk bilen garaýarlar. Ol baýlaşdyrmak üçin uranyny daşary ýurtlara ugratjakdygyny aýdypdy.

ABŞ, Fransiýa we Germaniýa şeýle ýagdaýda Eýranyň Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi resmi habarly etmelidini öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG