Sepleriň elýeterliligi

Tatarystana täze prezidentiň kandidaturasy hödürlendi


Şu gün Tatarystanyň Döwlet soweti respublikanyň prezidenti wezipesi üçin Rustam Minnihanowyň kandidaturasyna sereder.

Kanunçylyga laýyklykda kandidaturany Orsyetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hödürledi.

52 ýaşly Minnihanow bilimi boýunça oba hojalyk ykdysadçysy, ol Tatarystanyň maliýe ministri bolup işledi, 1998-nji ýyldan bäri respublikanyň hökümetine baştutanlyk edýär.

991-nji ýyldan bäri Tatarystana baştutanlyk edýän Mintemir Şaýmyew mart aýynda tamamlanýan prezidentlik möhletini uzaltmazlygy Orsýetiň prezidentinden haýyş etdi.
XS
SM
MD
LG