Sepleriň elýeterliligi

Tussaglary çalyşmak barada Eýranyň teklibini ABŞ kabul etmez


Tussaglary çalyşmak barada Eýranyň eden teklibini ABŞ kabul etmez diýip, düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Eýranda saklanan üç amerikaly turist geçen ýylyň tomsunda ýalňyşlyk bilen ýurduň serhedini kesipdir, olary hiç hili şert goýmazdan, azat etmeli.

Amerikan häkimiýetleriniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň türmelerinde saklanýan eýranlylar agyr jenaýatlarda, hususan-da, ýarag kontrabandasynda aýyplanyp basylan adamlar.

Hepdäniň sişenbe güni Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat üç amerikalyny ABŞ-nyň türmelerinde jeza çekýän eýranlylaryň toparyna çalyşmagy teklip edipdi.
XS
SM
MD
LG