Sepleriň elýeterliligi

Bill Klinton Gaitä kömek bermek boýunça koordinator boldy


ABŞ–nyň öňki prezidenti Bill Klinton BMG-nyň tabşyrygy bilen ýer titremede horluk çeken Gaitä kömek bermek boýunça halkara tagallalarynyň koordinatory boldy.

Klinton BMG-nyň Gaitidäki ýörite wekili derejesinde jebir çekenlere kömek bermek isleýän aýry-aýry ýurtlaryň, gumanitar guramalaryň hereketlerini sazlamak bilen meşgullanar.

Häzir Gaitide gumanitar operasiýalary sazlamak boýunça BMG-nyň 12 müň gowrak parahatçylyk güýçleri hem 10 müň gowrak amerikan harbysy bar.

12-nji ýanwarda bolan ýer titremede 200 müň adam heläk boldy. Bärsinden bir million gaitili öýsüz-öwzarsyz galdy.
XS
SM
MD
LG