Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda parlamente kandidatlara girizilen gadaganlyk ýatyryldy


Yrakda 7-nji marta bellenen parlament saýlawlaryna gatnaşmak islän ýüzlerçe kandidata girizilen gadaganlygy Yragyň sudy ýatyrdy diýip, habar agentlikleri ýurduň saýlaw komissiýasynyň agzasyna salgylanmak bilen ýazýarlar.

Ýörite komissiýa tarapyndan girizilen gadaganlygyň esasy sebäbi hamana şol kandidatlar Saddam Huseýniň “Baas” partiýasy bilen hyzmatdaşlyk edipdir.

Gadaganlyk Yrakda syýasy dartgynlylygyň güýçlenmegine getirdi. Ozaly bilen sünni liderleri gadaganlygy ýiti tankytladylar.

Gadagan edilen kandidatlaryň biri şeýle diýdi: “Soňky bolan waka Yrakda adalatyň ýeňşi, Yragyň sud sistemasynyň uly ýeňşi, parahatçylyga we demokratiýa ymtylýan yraklylaryň we halkara jemgyýetçiliginiň ýeňşi”.
XS
SM
MD
LG